Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
6-njt oktýabr — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa, Gyrgyz, Gazagystan Respublikalarynyň Prezidentlerini gutlady
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
3-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris
Geçen hepde umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda geçen Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar üstünlikleriň we zähmet ýeňişleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji
Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady
28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27-nji sentýabrda türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.