Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
164bf500739a88.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

164bdfc193040b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

164ba0d0cbbc56.jpeg
2 ýyl ozal
Ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy — ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir.

164b8c19f5b285.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

19-njy iýulda Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

164b768e2daab6.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen ugrady

18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady.

164b7668e473dc.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

18-nji iýulda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

164b63752cfaa8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

164b4c8f96bab1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

164b4c7ef54433.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

164b4c6e14e8ac.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.