Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
163f58bec7c580.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýoly bilen Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Bu sapar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açar.

163f588de867b8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-NIŇ öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

163f456870967b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy

20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi.

163f45562b1d32.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

163f2f88cd3586.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşyk

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.

163f315d426018.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda sebitiň täze merkeziniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

163f061fa7ec69.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

17-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

163f0612b21e7c.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.

163f0603347cd3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17-nji fewralda gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

163edaf3d412ae.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.