Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
16409628fbe148.jpeg
2 ýyl ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna

Sizi gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16406c87206666.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

164056c0767f3c.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy..

164055b1ab20cc.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine täze başlangyçlary

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň, durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

16402e124ab649.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

164017e6a36b77.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy

2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.

1640047fa3aff3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

163fedea259543.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Saerdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

163fd88553c23d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

163fc42b83f317.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.