Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşdy
16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
16-nji hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
15-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Adamlar baradaky alada — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugry
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
11-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Durmuş ulgamyny ösdürmek — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.