Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Owganystanly demir ýolçularyň täze tapgyry Türkmenistanda okuwlary geçdiler
Owganystanyň demirýol işgärleriniň ikinji tapgyry, "Türkmendemirýollary" agentliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hünär derejesini kämilleşdiriş mekdebinde okuwlary geçdiler. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçen owganystanly demir ýolçulara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Demirýol köprüleri hem-de demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-023 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler
Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar. Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.

Türkmenistana «Boenig-777-300ER» täze ýolagçy howa gämisi getirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy
Çarşenbe güni Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew Azerbaýjanda iş saparynda bolmagynyň çäginde Alýat deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň Gyrgyzystana Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hazar deňziniň kenaryndaky Alýat portundan gämilerde awtoulaglary daşamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýa ministrligi habar berdi.

Ösüp barýan bazarlar global sowadyjy ulaglaryň ähmiýetini artdyrar
«Transport Intelligence» konsalting kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda sowadyjy logistika bazarynyň gymmaty 764,2 milliard ýewro ýetdi, Munuň özi bu görkezijiniň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,5% ösendigini aňladýar. Ykdysady çökgünlige garamazdan, bu ugurdaky netijeleriň şu ýyl has çalt ösjekdigi çaklanylýar. Garaz, bazar ýene 1,6 % ösmeli.

Döwlet hyzmatlary portalynyň giň mümkinçilikleri
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýola goýlan, sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portaly döredilen gününden başlap, ilkinji nobatda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini sanly görnüşde portala ýerleşdirdi.

Ýaşlykda gujuram bar, gaýratam
Öz saýlan hünärinde zähmet çekýän adam işine aýratyn hormat, söýgi bilen garaýar. Hünärini dowamly kämilleşdirmegiň ugrunda bolýar. Alyp barýan işinden ýadaman, gaýta lezzet alýar. Olaryň hem zähmete bolan höwesini artdyrýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat Halkara howa menziliniň buhgalteri Bagtygül Joraýewa hem saýlan hünärine eýe bolan, öz işini ýürekden berlen, işeňňir zenan hökmünde tanalýar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topar dörediler
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topary döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.