Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Koreýa we Merkezi Aziýa ýurtlary senagat hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryna garady
Türkmenistanyň senagat pudagynyň wekiliýeti 14-nji sentýabrda Seul şäherinde Koreýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagat ministrleri derejesinde geçirilen ilkinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda senagat hyzmatdaşlygyny we möhüm mineral serişdeler boýunça üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we tebigy baýlyklar ministrligi habar berýär.
Aşgabatda geçiriljek “OGT 2026” forumyna 400-den gowrak arza berildi
Aşgabatda 21–23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly XXXI halkara maslahaty we sergisine gatnaşmak üçin 400-den gowrak gatnaşyjynyň arzasy gelip gowuşdy. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, halkara bileleşik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugur öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanda BSG-nyň okuw merkezinde gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezinde 10–11-nji sentýabrda «Gümrükde sanly özgertmeler: maglumatlaryň utgaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlary we maglumatlary seljermek hem-de awtomatlaşdyrmak işinde emeli aňy ulanmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň uniwersitetlerinde emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlary geçiriler
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we kesgitlemek boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk
2026-njy ýylyň 11-12-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we anyklamak boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk we suw diplomatiýasy boýunça Sebitara seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär
Aşgabatda 11-nji sentýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini netijeli ulanmak we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler esasy ugurlaryň biri boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Türkmenistanyň awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.
Baku porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 34,6% artdy
Baku halkara deňiz porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy deslapky görkezijilere görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,6 göterim artdy. Bu barada Azerbaýjanyň “Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine salgylanyp, “AZERTAC” habarlar agentligi habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.