Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16acc692ded71d.jpeg
2 hepde ozal
Hünär baýramynyň şanly wakalary

11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

16ac881789b7cb.jpeg
3 hepde ozal
«Tatar gyzy-2026» bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag gowşuryldy

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Tatar gyzy – 2026» atly halkara bäsleşiginiň finalçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň baş ýeňijisi, Özbegistandan Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag bilen sylaglandy. Sylagy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa gowşurdy.

16ac878a085a66.jpeg
3 hepde ozal
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

16ac73b520a739.jpeg
3 hepde ozal
Aşgabatda daşary ýyrtly estrada ýyldyzlarynyň konserti üçin stadiona goşmaça awtobus ugurlary ýola goýlar

«Aşgabat» stadionynda geçiriljek daşary ýyrtly estrada ýyldyzlarynyň konsertine barjak tomaşaçylaryň amatlylygy üçin goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýuldy. 9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda stadionyň duralgasyna ýene-de iki ugur boýunça awtobuslar barar.

16ac73898bece5.png
3 hepde ozal
Türkmenistanda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.

16ac737d89127e.jpeg
3 hepde ozal
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar. 

16ac736d05fd63.png
3 hepde ozal
Awazada ählumumy saglygy goraýyş boýunça halkara maslahat geçirilýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji oktýabrda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat öz işine başlady. Halkara çäre saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we lukmançylyk ylmynyň hem-de tejribesiniň täze gazananlary boýunça tejribe alyşmak meselelerine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

16ac5dee55b4b6.jpeg
3 hepde ozal
«Awazada» GDA-nyň sammitiniň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar

2026-njy ýylyň 7-9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli halkara çäreler geçiriler.

16ac5d8ddb2852.jpeg
3 hepde ozal
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap

Baýramçylyk dabaralaryna baý bolan geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny saklamaga, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir.

16ac5d7c6b36be.jpeg
3 hepde ozal
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň möhüm meselelerine uly orun berildi. Watanymyzyň döwlet strategiýasynda bolşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek onuň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.