Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhman mähirli garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi
Resminama laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.
«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki mümkinçilikleri giňeldiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sanly ulgamy ösdürmek we aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony gurnalar
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde noýabr aýynda geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony gurnalar. Şunuň bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmegi tabşyrdy
17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
ABŞ-nyň Ilçisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunda duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 14-nji oktyabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň başynda diplomatik wekiliýetiň ýolbaşçysy görkezilen myhmanparazlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň “Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi” atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Hazaryň türkmen kenarynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi
Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebit we halkara derejesindäki möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde 7-9-njy oktýabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, şeýle hem Hazar ekologiýa sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşýar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.