Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1691ab650f2702.jpeg
4 hepde ozal
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda ýolbaşçylyk etmek Türkmenistana geçirildi

Türkmenistan Merkezi Aziýada agzybirligi, jebisligi we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda aýdyp, ýurdumyzyň adyndan Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli syýasy çärä ýolbaşçylyk etmegi kabul etdi.

16916c5d529bcd.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky iri halkara forumy – pudaklaýyn sergileri we aragatnaşyk hem-de logistika boýunça maslahatlary birleşdirýän çäre diňe pikir alyşmak üçin meýdança bolman, eýsem anyk ylalaşyklaryň gazanylan netijeli iş giňişligi hem boldy. Forumyň çäklerinde geçirilýän köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar çäreleriň ýokary derejede netijeliligini görkezýär.

16916d3a4a958d.jpeg
1 aý ozal
UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAȘLYGA ITERGI

Mälim bolșy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ulag we aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryny açyp görkezýän «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara sergisi we maslahaty öz dowam edýär.

16916c6b9c389f.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň (E-Governance Academy) arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

16916c1cc376c8.jpeg
1 aý ozal
Dünýä kompaniýalary “Türkmentel–2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar

Aşgabat şäherinde geçýän “Türkmentel–2025” halkara sergisinde ulag, aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi.

16916c0cb62bc0.jpeg
1 aý ozal
"NOKIA" Türkmenistanyň energetika pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürleýär

Aşgabatda açylan "Türkmentel – 2025" atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025" atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde "NOKIA" kompaniýasynyň Hazar sebiti we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi hem-de ýurdumyzyň energetika pudagy üçin teklipleri beýan etdi.

16916afda256ad.jpeg
1 aý ozal
«Türkmen-Innowasiýa» töleg ulgamlaryny kämilleşdirmekde biometriýany esasy açar hökmünde hasaplaýar

«Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň meýdançasynda «Türkmen-Innowasiýa» hususy kärhanasy häzirki zaman töleg we kassa enjamlarynyň hataryny hödürledi.

16916ae62695a5.jpeg
1 aý ozal
«Yutong» kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýar

Şu günler Aşgabatda iki uly halkara cäre – «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» (ITTC-2025) atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.

169157791534dc.jpeg
1 aý ozal
«Sanly çözgüt – 2025»: Täze pikirler we innowasiýa üçin giň meýdança

Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda sanly ulgamy döretmek we kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol çäkde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi, IT pudagynyň, emeli aň ulgamynyň we robototehnika tehnologiýalarynyň ösüşine giň mümkinçilikleri döredýär.

1691567a7344ae.jpeg
1 aý ozal
Paýtagtymyzda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.