Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16390edabf225d.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-rus topary dörediler

Türkmenistan we Russiýa ulag, üstaşyr hem-de logistika meseleleri boýunça bilelikdäki toparynyň döredilmegi boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu ugurda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

163906b17dccbd.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan demir ýol konteýner ýük gatnawlary boýunça Ylalaşyga goşulyşmakçy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

163901fe886cb8.jpeg
1 ýyl ozal
Bitaraplyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Ýaňy-ýakynda “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna bagyşlap ylymy-amaly maslahat geçirildi.

163901f1d19ab0.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy daşary ýurtlardaky petek satuw ofisleriniň sanawyny neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda daşary ýurtlarda hereket edýän petek satuw ofisleriniň sanawyny çap etdi.

1638f46782999c.jpeg
1 ýyl ozal
TMCELL täze internet nyrhnamalaryny hödürleýär

«Altyn asyr» ÝGPJ-i ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, täze internet paketlerini müşderilerine hödürleýär.

1638ea9fd96e6e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Daşkende geldi

Şenbe güni, 3-nji dekabrda Daşkendiň demirýol menzilinde Türkiýäniň Izmir şäherinden ugran, Eýranyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Özbegistana gelen ilkinji ýük otlusynyň dabaraly garşylanylyşy boldy.

1638e52e2f0ae0.jpeg
1 ýyl ozal
Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ulanmaga tabşyryldy

Sekiz ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyşy boldy. Bu waka dünýä ähmiýetli bu özboluşly taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda geçirildi.  

1638e4e6ec0857.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ulag boýunça bilelikdäki topary döreder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew ulag, üstaşyr we logistika boýunça türkmen-russiýa bilelikdäki topary döretmek we onuň türkmen bölegini guramak meýilnamalary barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

1638e4e148fceb.jpeg
1 ýyl ozal
Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

40 wagondan ybarat ýük otlusy Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Özbegistana geldi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär. Habarda wagonlara hojalyk enjamlarynyň (sowadyjy enjamlar) ýüklenendigi aýdylýar.

1638e37ad2dcd8.jpeg
1 ýyl ozal
«S7 Airlines» Türkmenbaşy şäherine uçuş wagtynda türkmen raýatlary üçin PCR test synaglaryny ýatyrdy

Russiýanyň «S7 Airlines» awikompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlary boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin PCR test synagynyň zerurlygyny aradan aýyrdy. Bu baradaky degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.