Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMY DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşli özgerişliklerde ulag ulgamynyň ähmiýeti bimöçberdir.
Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär
Täze oýlap tapylmalar, ylmy-tehniki açyşlar netijesinde ilki bada ýönekeý ses ýa-da tekst görnüşinde ýerine ýetirilen aragatnaşyk hyzmatlaryna häzirki wagtda düýpgöter başga, ýokary talaplar we islegler bildirilýär.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan etdi
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy wagonlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we materiallary satyn almak boýunça açyk halkara tender yglan edýär
«Täze zaman» we «Täze oba» ýaşaýyş toplumlaryndaky müşderi telefon belgilerine üýtgetmeler girizildi
Tehniki zerurlyklary sebäpli Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň «Täze zaman» we «Täze oba» ýaşaýyş toplumlaryndaky müşderi telefon belgilerine 2021-nji ýylyň iýul aýynda aşakda görkezilen üýtgetmeleriň girizilýändigi barada habar berilýär:
BITARAP ÝURT ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUNY TOÝLAÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly geçmişimizi, nurana şu günümizi we Watanymyzyň röwşen geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň hem-de halkymyzyň agzybirliginiň mizemez esasy bolup durýar. Ata-babalarymyzyň Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-isleglerini, halkymyzyň buýsanjyny hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özünde jemleýän beýik baýramçylygy türkmen halky uly dabara bilen belleýär.
YLYM — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
Ylym-bilim diýlende ýurduň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňüňe gelýär. Çünki ylmyň bar ýerinde ykdysady ösüşem, tehniki ösüşem, medeni gatnaşyklardaky ösüşler hem kemala gelýär. Ylym adamyň jemgyýetde özüni alyp barşyna-da, ahlak sypatlaryna-da, sözleýiş medeniýetine-de täsirini ýetirýär. Ylym — kämilligiň gözbaşy. Ylym ömrüň ýagtylygy.
Hoşmeýilli hyzmatdaşlygyň täze çelgileri
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
Ýakynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi.
BEREKETLI GALLA HASYLY ÝYGNAMAKDA AWOULAGLAR HYZMATYNYŇ ORNY
Türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gazanylýan şeýle ösüşlere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri hem mynasyp gatnaşýarlar.
"Turkmenmetbugat" - maglumat hyzmatlarynyň ýokary hili
Innowasiýa tehnologiýalarynyň umumadamzat durmuşyna berk aralaşmagy bilen aragatnaşyk ulgamy batly depginler bilen özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamagy netijesinde ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, söwda-senagaty önümçilik kuwwatyny we ähli ulgamlaryň durnukly ösüş depginini ösdürmegiň elektron resminama dolanşygynyň binýady emele geldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.