Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16355925b55c09.jpeg
3 ýyl ozal
"Demir" guşlar asmana gaýdyp gelýärler

Pandemiýadan öňki we soňky döwür hut iki sany paralel äleme öwrülen ýaly boldy – kowidden ozalky ýagdaý hemmeleriň ýadynda, indi bolsa durmuşyň täze bir ýagdaýyna - “post-kowide” öwrenişmäge synanyşýar. Zeper ýeten dünýä ykdysadyýeti we adamzat durmuşynda bolup geçen üýtgeşmeler kem-kemden ozalky ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Bu ulag pudagyna hem degişlidir, hususan-da raýat awiasiýasy kem-kemden “ganatlaryny ýaýyp” we asmana göterilýär.

16355908a5c83d.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda «TIR-EPD» ulgamy «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «TIR-EPD» ulgamyny «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlary ulgamy bilen birleşdirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasy habar berdi.

163536e5dcd285.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan halkara ýük daşalmagyna has amatly tölegleri girizýär

Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

163524ff14c7a1.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi isleg bildirýänleri ähli derejelerde ulagy dolandyrmagy öwrenmäge çagyrýar

Awtoulag serişdesini dolandyrmak üçin sürüjilik şahadatnamasyny almak hakyndaky karara gelmek bilen, ilkinji nobatda, özüňize haýsy derejäniň gerekdigine düşünmek zerurdyr. Bu siziň sürüjilik şahadatnamasyny alanyňyzdan soň haýsy ulag serişdesini dolandyrmagy meýilleşdirýändigiňize baglydyr. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi wekili sürüjilik derejeleriniň arasyndaky tapawudy düşündirdi.

163520d2299ac0.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ýola goýmakçy

Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

163520cf07c16b.jpeg
3 ýyl ozal
Täze Hytaý ― Türkiýe ugrunyň taslamasy Türkmenistanyň üsti bilen geçer

Türkmenistan Hytaýdan Türkiýä çenli uzajak täze ýük geçiriş taslamasynyň merkezinde bolar. Bu barada logistika boýunça geçirilen ýörite maslahatdan soň habar berildi ― diýip, «MIR 24» ýazýar.

16350b40c3219e.jpeg
3 ýyl ozal
Ilkinji Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ýük otlusy Duşanbeden ugrady

Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ýük otlusynyň herekete başlamagy mynasybetli geçirilen çärä agzalan ýurtlaryň wekiliýetleri, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri we işewürleri gatnaşdylar.

1634f622d66d4c.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýar

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary tamamlanyp, onuň netijesi boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şolaryň biri hem iki ýurduň arasyndaky uar gatnawlaryny täzeden dikeltmek hm göz öňünde tutulýar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

1634f60e274cdc.jpeg
3 ýyl ozal
Russiýadan Türkmenistan uçar gatnawlarynyň bahalary üýtgeýär

“Türkmenistan” awaikompaniýasynyň Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy 30-njy noýabrydan başlap, täze tarif bilen satylyp başlandy. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasy habar berýär.

1634e108e5beed.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda halkara internet olimpiadalary gurnalar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ders bäsleşiklerine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.