Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy mobil toruny döwrebaplaşdyrýar
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmegi nazarda tutup, zerur enjamlary satyn almak üçin halkara tender geçirdi.
Raýat awiasiýa ulgamy hünärmenleri üçin täze ýaşaýyş jaýlaryby ulanmaga berdi
Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dolandyryş merkezindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda 17 sany köp gatly jaýyň hem-de 70 sany kottejiň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlipdi. Jeyhun.news-yň habar bermegine görä, 17 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň hünärmenleri üçin niýetlenendir.
“Türkmentelekom” Wi-Fi ulgamynyň çägini giňeldýär
Täzelikde gurlup ulanylmaga berlen “Aşgabat” söwda-alyş merkezinde ýokary tizlikli interneti üpjün etmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan çäksiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy. Täze ýer eýýäm kompaniýanyň web sahypasyndaky interaktiw karta hem goşuldy.
Halkara deňiz porty we sanly ykdysadyýetiň hünär taýýarlamakda giň mümkinçilikleri
Sanly ykdysadyýete çeçiş – jemgyýetde giň gerimli we köp ugurly özgerişleri öz içine alýan düýpli öwrülişikdir. Sanlaýyn ulgamy ylym we bilim pudaklarynda giňden ornaşdyrmak ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişiň möhüm ugrudyr.
Pavtagtymyzda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy
2021-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 114-nji “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy siziň dykgatyňyza ýetirýär.
Berkarar döwletimiziň awtoulaglar ulgamy kämilleşýär
Ýurdumyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly köp sanly işleri amala aşyrýar. Munda awtomobil ulaglary pudagynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýänligini hem bellemek gerek. Awtoulag mümkinçilikleriniň açylmagy üçin yzygiderli geçirilýän netijeli hyzmatdaşlyklar möhüm orna eýedir.
Döwletara hyzmatdaşlygyň binýady türkmen-özbek gatnaşyklary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz goňşy döwletleriň birnäçesi bilen köptaraply, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär.
Tehnologik täzelikleriň okuw merkezi
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw merkezi bolup durýar.
Daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly tehnologiýalaryň orny
Ýaňy-ýakynrda Türkmenistan Watanymyz öz Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdi. Taryhüçin 30 ýyl gysga wagt, emma Türkmenistan, Milletiň lideri, hormatlanýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly we uzakdan görýän ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ugurlarynda görlüp-eşidilmedik belentliklere ýetip, hakyky merjen ýurdyna öwürildi.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdeleri satyn almak üçin aşakdaky lotlar boýunça gaýtadan № DÝ/AGPJ-017 açyk halkara tender yglan edýär:
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.