Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
4 aý ozal
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

5 aý ozal
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.

5 aý ozal
BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY

Mälim bolşy ýaly Lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy.

16926875026bf9.jpeg
5 aý ozal
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

5 aý ozal
TÄZE GOLLANMA — TÄZE SOWGAT

Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýylyň dolmagy mynasybetli Milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlandy.

5 aý ozal
MELHEMDIR DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIMIZ

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr.

5 aý ozal
YNSAN SAGLYGY – BAGTYÝARLYGYŇ, ROWAÇ GELJEGIŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy has-da belende göterilýär. Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.

5 aý ozal
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

5 aý ozal
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.

5 aý ozal
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.