Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
DÖWLETIŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY SÜTÜNI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
«HAKYDA GÖWHERI» - DÜRLERIŇ JÖWHERI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» atly kitaby bütin halkymyz üçin gymmatly gollanmadyr. Çünki halkyň hakydasy, taryhy, mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hakyda — ynsan kalbynda göwher ýaly nur saçýan şamçyragdyr, tämizlikdir, geçmişe sarpadyr. Munyň özi türkmen halkyna peşgeş berlen ajaýyp sowagtdyr.
«MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty hem täzeçe öwüşginlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmekde, medeniýetimizi dünýä ýaýmak ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Alym Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär.
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGA UZAÝAN NURANA ÝOLDUR
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk, ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna giň ýol açdy.
«MAGTYMGULY — DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY»
Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähimpaýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr.
TÜRKMEN ZENANLARYNA BEÝIK SARPA
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna hem-de ähli taraplaýyn kämil ösmegine, ylym bilen giňden meşgullanmagyna mümkinçilik berýär.
GARAŞSYZLYK TÜRKMENIŇ BUÝSANÇLY BAGTYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen ynamly öňe barýan, Garaşsyz hem Bitarap watanymyzda, ylym we bilim kämillik derejesine ýetirilip, ylymyň täze gazananlary bilen halkara derejesinde, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.
SAGLYK ÜÇIN GYMMATLY GOLLANMA
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«HALKYŇ ÝOLY — HAKYŇ ÝOLY»
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni uly üstünliklere, toýdur baýramlara beslenýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip geçirildi.
SAGLYK BOLAN ÝERDE, ÖSÜŞ BAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly syýasaty netijsinde ýurdumyzda il saglygyny goramak barada alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.