Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
«SAGLYK — BEGLIK»
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaäýyp kitabynda: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar» diýip belleýär.
SAGLYGYMYZ — BAŞ BAÝLYGYMYZ
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýurdumyzda jemi 160 sany durmuş-medeni maksatly binanyň we desganyň, şol sanda 11 hassahananyň, 18 saglyk öýüniň we merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar
HALKYMYZYŇ SAGLYGY – ABADAN WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglyk derejesini gorap saklamak we ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek babatda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.
YNSANYŇ IŇ BEÝIK BAÝLYGY – SAGLYKDYR
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän ýurdumyzda adam hakdaky alada ýugrulan beýik işler soňky ýyllarda eziz Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň diňe bir Türkmenistan diýarymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi.
Kämil bilim – ynamly ösüş
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
«Ösüş arkaly parahatçylyk»
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
BITARAPLYK ÝÖRELGÄMIZ – BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar.
MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.
AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.