Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine GUTLAGY
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gazanylan bu uly üstünlik hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. Siziň gazanan nobatdaky ýeňşiňiz bilen ýurdumyzyň halkara sport abraýy has hem belent derejelere çykýar.
Ulaglar pudagy galla oragyna bökdençsiz we ýokary netijeli hyzmatyny hödürlär
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan sport üstünligi — «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
GIZ: Merkezi Aziýada üstaşyr ulaglar iň gysga wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýär
Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiren barlagy esasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda harytlaryň üstaşyr geçmegi boýunça wagt, çykdajy we resminamalar seljerildi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan ýöriteleşdirilen sergi geçirildi
Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan ilkinji ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň 12-si hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-ä golaý agzasy gatnaşdy.
«Ak şäherim Aşgabat» halkara sergisi we maslahaty türkmen paýtagtynyň gazananlaryny görkezer
Aşgabat 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirmäge taýýarlanýar. Bu möhüm waka türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy, senagat, ylym we bilim ýaly möhüm ugurlardaky mümkinçiligini we dinamiki ösüşini görkezmek üçin bir ýerlik bolar.
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat kompaniýalaryň, guramalaryň, şeýle hem kiçi we orta telekeçileriň müşderilerinden gelen ýüzlenmeleri gaýtadan işlemäge we maglumat bermegi üpjün etmäge niýetlenendir.
Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.