Habarlar
Habarlar
Aragatnaşykçy talyplaryň uçurum dabarasy geçirildi
Düýn «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uçurmlaryny gutlamak dabarasyna gatnaşdylar.
Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.
Hemişelik Bitaraplyk – berkararlygyň gözbaşy
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 26 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de BMG tarapyndan ykrar edilen dünýäniň ýeke-täk bitarap ýurdy bolan eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň dabaralaryna badalga berildi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk edýär
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demir ýol meýdançasdaky duýdudyş ulgamy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-050 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanda elektron wiza ulgamy ornaşdyrylýar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýusup Ödeýew penşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahatda Türkmenistanyň daşary ýurt raýatlarynyň giriş tertibini ep-esli aňsatlaşdyrjak we ýurda syýahatçylaryňdyr işewürleriň köpelmegine goşant goşjak elektron wiza ulgamyny ornaşdyrýandygyny aýtdy.
Türkmenabatda «Onlaýn taksi» hyzmaty gije-gündizleýin işläp başlady
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenabatda şäher taksisiniň döwrebap hyzmaty – «Onlaýn taksi» işe girizildi. Taksini sargyt etmek üçin 0655 gysga belgä jaň etmek ýeterlik. Hyzmat gije-gündiz elýeterlidir.
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşa badalga berildi
16-njy iýunda paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demirýol ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary geňeşiniň 82-nji mejlisiniň çäginde Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda üçtaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.