Habarlar
Habarlar
Döretmegiň ýoly bilen ata Watanymyzyň abadançylygyny pugtalandyryp
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşini üpjün etmek wezipeleri öz beýanyny tapdy.
"Demir" guşlar asmana gaýdyp gelýärler
Pandemiýadan öňki we soňky döwür hut iki sany paralel äleme öwrülen ýaly boldy – kowidden ozalky ýagdaý hemmeleriň ýadynda, indi bolsa durmuşyň täze bir ýagdaýyna - “post-kowide” öwrenişmäge synanyşýar. Zeper ýeten dünýä ykdysadyýeti we adamzat durmuşynda bolup geçen üýtgeşmeler kem-kemden ozalky ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Bu ulag pudagyna hem degişlidir, hususan-da raýat awiasiýasy kem-kemden “ganatlaryny ýaýyp” we asmana göterilýär.
Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy
22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Dünýäniň iň uzyn ýolagçy otlusy ilkinji gatnawyny amala aşyrdy
100 wagonly 1,9 kilometre barabar otly, Alp daglarynyň eteginde gurlan Albula-Bernina ýolunda gatnawyny amala aşyryp, dünýäniň iň uzyn ýolagçy otly rekordyny täzeledi.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama
Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy,
Türkmenistanda «TIR-EPD» ulgamy «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyryldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «TIR-EPD» ulgamyny «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlary ulgamy bilen birleşdirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasy habar berdi.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyklary
Döwletimiz parahatçylykly gatnaşyklary nazarlaýan hyzmatdaşlyklar üçin gapylaryny giňden açýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan tebigy baýlyklaryny dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň, halklarynyň abadançylygy üçin giňden peýdalanmak başlangyjy bilen çykyş edýär. Ýurdumyzdan gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleri, öndürilýän elektrik energiýasy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä ýurtlaryna iberilýär.
В Туркменистане выбрали лучшего работника авиации
В Ашхабаде прошел финальный тур ежегодного конкурса «Мастер своего дела» среди работников авиации.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyk
21-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan halkara ýük daşalmagyna has amatly tölegleri girizýär
Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.