Habarlar
Habarlar
169311b095a322.jpeg
1 hepde ozal
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI

BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Geçen döwürde parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar.

1635972696f082.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Moskwadan Pars aýlagyna ýükleri 15 günde eltýän taslamanyň jümmüşinde

Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk ― Günorta halkara üstaşyr geçiriş ulgamy boýunça yzygiderli ýük daşamak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «RDÝ Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Murew «Made in Russia-2022» halkara eksport forumynda eden çykyşynda «Rus eksportçylary üçin yzygiderli jemgyýetçilik hyzmaty açylýar, täze taslama isleg bildirýänlere bäsdeşlik şertlerinde hyzmat eder» diýip tassyklady.

16361d57b67553.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň we bütin adamzadyň bähbidine

Ata Watanymyzyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

1636f7633c5bf8.jpeg
5 ýyl ozal
Bag-bossanly Watanymyz — buýsanjymyz, bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

1637c689bba0d2.jpeg
3 ýyl ozal
TÜRKMEN–ARAP DOSTLUGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde-de anyk maksatlara gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde BAE bilen dostluk gatnaşyklary ösdürilýär. Muňa Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 21-22-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran üstünlikli döwlet sapary şaýatlyk edýär.

1635971bb7f787.png
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Rumyniýa «Hazar deňzi ― Gara deňiz» taslamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda

Rumyniýanyň Transport we infrastruktura ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew «Hazar deňzi ― Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag ýoly boýunça iş toparynyň utgaşdyrjysy Adrian Jorj Fogiş bilen duşuşdy.

16360869930fc3.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

31-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

163732a7da0dc4.jpeg
3 ýyl ozal
TÜRKMEN–ÖZBEK DOSTLUGY BARHA ROWAÇLANÝAR

Çeşmäniň gudratynyň durulygynda, derýanyň kuwwatynyň joşgunynda, deňziň güýjüniň çuňlugynda bolşy ýaly, dostlukly, goňşy Özbegistan bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň berkligi-de olaryň halklarynyň taryhy ýakynlygyndadyr, ruhy-ahlak ýörelgelerindedir, mizemez dost-doganlygyndadyr. Kuwwatly kökler, umumy gymmatlyklar özara bähbitli maksatlaryň hatyrasyna birleşmek, geljek hakyndaky aladalarda üstünlikli netijä gelmek üçin zerur bolan şertleri döredýär.

1637db436d6635.jpeg
3 ýyl ozal
GOWAÇANYŇ SORT TOPLUMY YLMY TEJRIBEDE SYNAG EDILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalary bilen oba hojalyk pudagy uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. "Halkyň Arkadagly zamanasy" ýylynda Beýik tutumlaryň amal edilmegi üçin halk hojalygynyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalygynda senagatyň we ilatymyzyň sarp edýän ýokary hilli önümleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär.

1635970408cfc5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni uçar gatnawlary ýola goýlar​

Gruziýanyň Mejlisi 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Gruziýa bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasyndaky ýurtlaryň arasynda göni uçuşlaryň başlamagyna mümkinçilik berýän «Howa aragatnaşygy barada» şertnamany tassyklady. Bu barada «vestikavkaza» habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.