Habarlar
Habarlar
Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr
5-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
«Transmaşholding» Türkmenistana bäş sany teplowoz iberdi
«Transmaşholding» (TMH) paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistanyň döwlet demirýol operatory bolan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bäş sany 2ТЭ25КМ ýük teplowozyny iberdi. Bu barada «Transmaşholding»-iň resmi web sahypasynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi
5-nji noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Türkmenistan IRU-nyň goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar
Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar. Bu barada IRU habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÄZE EÝÝAMYŇ RÖWŞEN GELJEGINIŇ ÝALKYMY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly taryhy wakalar bilen gurşaldy. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda - gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Bu aýdylanlara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnama bolup durýar.
Dünýä uzaýan rowan ýollar
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki günüň möhüm wezipesidir.Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr gatnawlaryny amala aşyrmak kuwwatyna eýedir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
BERKARAR DÖWLETIMIZŇ TÄZE ÝYL ARÇALARY NUR SAÇÝAR
Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2022-nji ýyl tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler.
Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagyň tertibi düzgünleşdirildi
Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagyň ýygymlarynyň hem-de tölegleriň möçberleri bellenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.