Habarlar
Habarlar
16415705475086.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16413db26c42d0.jpeg
3 ýyl ozal
Transhazar halkara ulag geçelgesinde gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi maslahatlaşyldy

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gruziýanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda çarşenbe güni Bakuda geçirilen duşuşygyň dowamynda Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça üstaşyr gümrük amallaryny “bir penjire” ýörelgesi esasynda ýönekeýleşdirmek boýunça taslama ara alnyp maslahatlaşyldy.

16413fab68cbbd.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

16-njy martda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

16411a044d43c8.jpeg
3 ýyl ozal
IRU Türkmenistanyň gümrük pudagynyň sanlylaşdyrylmagyny goldaýar

Awtomobil ulaglarynyň halkara Birleşigi (IRU) Türkmenistanyň gümrük pudagy üçin sanly üsthatlary ornaşdyrmakda Halkara ýol gatnawçylary türkmen birleşigine (THADA) goldaw berdi. Bu barada IRU-nyň TIR we üstaşyr bölüminiň müdiri Tatýana Reý-Belleniň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berdi.

16413f9681fc76.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

16-njy martda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

164119d367ec80.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hususyýetçiler bilen maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ulaglar arkaly ýurduň eksport mümkinçiliklerini hem-de eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen maslahat geçirildi.

16412ea936cc15.jpeg
3 ýyl ozal
Ömrüni ulag pudagyna bagyş eden ykdysatçy

Ykdysadyýet diýmek — döwletiň ösüşi, onda ýaşaýan ynsanlaryň ýagty geljeginiň agramly bölegini gerdeninde göterýän pudak diýmekdir. Munuň ýaly möhüm wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, ussatlyk bilen çemeleşip bilýän ynsan bolsa hakyky ykdysatçydyr. Olaryň ýerine ýetirýän wezipesi, alyp barýan işleri gönüden-göni döwletiň şu günki ösüşine, ertirine, galyberse-de, ýaş hünärmenleriň geljegine gönükdirilendir.

16413f160adf14.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşdy

16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.

164119be7e01b9.jpeg
3 ýyl ozal
«Awtomobil ulag hyzmaty" sürüjilige işe çagyrýar

«D» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejiribesi bolan sürüjiler «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan işe kabul edilýär.

16411aa41cdafa.jpeg
3 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” we “Vitol Bahrain E.C.” maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara ýüzüşi amala aşyrýan türkmen gämileriniň Halkara Klassifikasion Jemgyýetiniň talabyna laýyklykda yzygiderli abatlanylýandygyny bellediler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.