Habarlar
Habarlar

GOŇŞY ÝURDUNA GAÝYBANA SYÝAHAT
Türkiýe Respublikasy — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK AKYLDARY
Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol-ýörelgedir.

3-NJI NOÝABR TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany bu ýerde sanly ulgam arkaly beýleki täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegine hem-de düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi.

AŞGABAT ŞÄHERI «DIZAÝN» DÖREDIJILIK ULGAMY BOÝUNÇA ÝUNESCO-NYŇ ŞÄHERLERIŇ GLOBAL DÖREDIJILIK TORUNA GIRIZILDI
Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr.

ÇEPER SÖZÜNIŇ USSADY
Çeper sözüň ussady Pyragynyň edebi mirasyny dürli tarapdan seljeren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň şahyryň çuň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň öz ugurlary bilen mynasybeti baradaky ululy-kiçili makalalary şu ýygyndynyň düzülmegine itergi berdi. Makalalarda Magtymguly Pyragynyň ömri, döwri, eserleri hem dünýägaraýşy taryh, dil, edebiýat, pelsepe hem tebigy ylymlar nukdaýnazaryndan derňelip, ygtybarly deliller arkaly gyzykly maglumatlar berilýär.

BEÝIK AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY
Halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wemberi, A.Samoýlowiç, Ý.Bertels ýaly başga-da ençeme dünýä alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy. Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa gerek.

ATA-WATAN, ENE-TOPRAK
Gözüňi dokundyrýan bazar bolçulygy döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmäge gönükdirilen işleriň üstünliklere beslenýändigini äşgär edýär. Bazarlaryň bezegi bolup bulduraşýan ir-iýmişleri, miweleri synlaýarkaň pederlerimiziň: “Her adamyň öz Watanynda ýetişen hasyl onuň üçin dermanlykdyr, çünki olaryň tebigaty meňzeş bolýar” diýen sözleri biygtyýar kalbyňa dolýar. Türkmen tebigaty juda jomart.

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY - MAGTYMGULY PYRAGY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr.

MAGTYMGULY — KÖŇÜLLERIŇ KÜÝSEGI
«Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän hem-de akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky Karary kalbymyzda egsilmez şatlygy döredýär.

Hasyl toýy - halkymyzyň buýsançly baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asylly işler durmuşa geçirilýär we gözel diýarymyzyň her bir güni toý dabaralara beslenýär. Her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Hasyl toýy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Hasyl toýy diýilende gahryman, edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.