Habarlar
Habarlar
Ýaşlar size alkyş aýdýar, Arkadagly Serdarymyz!
Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.
Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürýär
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy, ykdysady durnuklylygyň saklanmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýadyň kemala getirilmegine gönükdirilen strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanda halkara internet olimpiadalary gurnalar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ders bäsleşiklerine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler
15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen geçýän ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegini goldaýar
Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindistanyň deňiz portlaryna çenli bolan ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge taýýardygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabat bilen Astana “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýoluny doly kuwwatyna ulanmagy ylalaşdylar
Astanadaky türkmen-gazak gepleşiklerinde ulag-üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda berilýän habara görä, taraplar Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly güýjünde ulanylmagy üçin bilelikdäki çäreleri görmek barada ylalaşdylar.
Международный морской порт Туркменбаши предлагает еще три новых услуги
Туркменбашинский международный морской порт с 1 октября текущего года начал предлагать новые портовые услуги для компаний, предоставляющих логистические и экспедиторские услуги морским транспортом. Об этом сообщается официальном сайте агентства «Туркмендениздерьяёллары».
Tokaýew: «Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran demir ýoly Gündogar Aziýadan Pars aýlagyna iň gowy çykalgadyr»
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletlerini we Russiýany bilelikde infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Bu barada «Kazinform» habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz GDA döwletleriniň we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitlerine gatnaşdy
14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna ugrady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.