Habarlar
Habarlar
163749499d17cc.jpeg
5 ýyl ozal
Ýaşlar öňe barýar Arkadagly Serdar bilen!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär.

16346297725098.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen-owgan bilelikdäki demir ýol taslamalary maslahatlaşyldy

Duşuşygyň dowamynda taraplar 30 kilometrlik Akina-Andhoý demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.

163445305cac6c.jpeg
3 ýyl ozal
«Belawia» Türkmenbaşy şäherine uçuşlar üçin petek satuwyna badalga berdi

Belarusyň «Belawia» kompaniýasy Minsk şäherinde Türkmenbaşa we ondan yzlygyna gatnaw üçin petekleriň satuwyny ýola goýdy. 25-nji oktýabrda badalga beriljek uçuşlar şu aýda her hepdäniň sişenbe güni, 1-nji noýabrdan başlap bolsa her iki hepdeden bir gezek sişenbe güni amala aşyrylar.

1634451882dbb5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan we sebitiň ýurtlary üstaşyr geçirmeleri artdyrmak boýunça ylalaşyk gazandylar

Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler sammitini kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň hem-de Eýranyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň wekilleri gatnaşdylar.

1634328820d77a.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy.

1634325db5d4a6.jpeg
3 ýyl ozal
Tähran üstaşyr forumy: Türkmenistan mümkinçilikleriň ösüşi we nyrhlaryň düşürilmegi barada

Şenbe güni Tähranda Eýranyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pudak ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitiniň öňüsyrasynda bu döwletleriň transport ministrleriniň orunbasarlary derejesinde alty taraplaýyn duşuşyk geçirildi. 9-njy oktýabrda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça ministrler tarapyndan kabul ediljek bilelikdäki resminamanyň düzgünlerini utgaşdyrmak duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

1635ff0ac31cce.jpeg
3 ýyl ozal
KÖPÜLGAMLAÝYN EKOLOGIÝA ÇÄRESI

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guralmagy we bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýan hakykatdyr.

16341a88ea0829.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Hazarýaka ýurtlarynyň ulag-aragatnaşyk pudagyndaky päsgelçilikleri aýyrmak ugrunda çykyş edýär

Türkmenistan Hazarýaka ýurtlarynyň ulag-aragatnaşyk pudagyndaky päsgelçilikleri kesgitlemek we aýyrmak ugrunda çykyş edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwanyň “Skolkowa” merkezinde geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň plenar mejlisinde aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

16340e49d0c2f4.jpeg
3 ýyl ozal
II HYF: Türkmenistan – hazarýaka ýurtlarynda ulag babatda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy ugrunda

Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.

16341a7cc2f1b6.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan hazar ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär

Türkmenistan Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär. Bu barada penşenbe güni wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.