Habarlar
Habarlar

Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda BMG-niň daşky gurşaw boýunça Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan tematiki okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

MILLI ÝÖRELGELER - TERBIÝEÇILIK MEKDEBI
Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär.

AÝDYŇ ÝOLLARYŇ BEÝIK GELJEGI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris.

“ÝAŞYL DOSTLARYMYZYŇ” WASPY
Eziz Diýarymyzyň görenleri haýrana, görmedigi armanda goýýan al-ýaşyl öwüsýän sähralary, baý ösümlik dünýäsi, mahlasy, türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbi uzak asyrlardan bäri döredijilik ynsanlarynyň ylham çeşmesi bolup gelýär. Olar özleriniň şirinden-şirin şygyrlary, ajaýyp sazlary, owadan aýdymlary bilen gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny wasp edýärler.

Bilimli ýaşlar — ösüşiň miremez binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.

«KiberOne» Halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» akademiýasy okuwa kabul edişlik geçirýär
«KiberOne» Halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» çagalaryň zehinini ösdürmek akademiýasy çagalary we ululary möhüm ugurlar boýunça bilim almaga çagyrýar.

Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

FIZIKA DERSINI OKUWÇYLARA ÖWRETMEGIŇ USULLARY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenýär.

MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ PAÝHASA ÖWRÜLEN SETIRLERI
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanýar. Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran beýik akyldaryň dürdäneleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hümmeti egsilmejek hazyna hasaplanylýar. Pyragynyň durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.