Habarlar
Habarlar
Milli ykdysadyýetimiz ýokary depginli ösdürilýär
Milli ykdysadyýetimizde uly ösüşleri üpjün etmekde sanly ulgamyň möhüm ugurdygyny aýratyn bellemek gerek. Şunda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ösen sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy, aň-bilim mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.
Magtymguly — dünýäniň akyldary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
MILLI TERBIÝEÇILIK MEKDEBI – KÄMILLIGIŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr.
Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýük düzümi geçer
Russiýa Federasiýasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kareliýa Respublikasyndan çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Hindistana eltiler. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti habar berýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder
«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.
PARAHAT DURMUŞYŇ BAGTYÝAR ÝOLY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly ýaşlaryň eşretli durmuşyň güwäsi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, ýetip gelýän täze, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 29-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde habar berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär.
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder
«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.