Habarlar
Habarlar
163aa6d5fd7b72.jpeg
3 ýyl ozal
AŞTU müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we aragatnaşyk hyzmatlary üçin öz wagtynda tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar.

163aa6bac902f3.jpeg
3 ýyl ozal
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebitiň üns merkezinde

Düýn Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirildi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

163a90af7a81c3.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrligi Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň adatdan daşary iş mejlisini geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

167b5ad4ba0be9.jpeg
3 aý ozal
BEÝIK AKYLDARYŇ EDEBI MIRASYNA SARPA

Bu döwür, bu eýýam türkmen paýhasynyň, türkmen ruhubelentliginiň, türkmen zähmetsöýerliginiň rowaçlanýan, beýik işler, döwletli tutumlar bilen galkynýan, gülleýän zamanasy hökmünde göwünleri ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitaby ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

163a8a8a5ce07d.jpeg
3 ýyl ozal
Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň biletleriniň onlaýn söwdasyny amala aşyrýar. Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini türkmen manadynda satyn almak bolar.

167b5ac539bf8d.jpeg
5 aý ozal
BEÝIK SÖZ USSADYNA SARPA

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly eserini peşgeş bermegi halkymyzyň beýik şahyrymyza, ajaýyp döwrümize bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden täze kitaby giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.

163a8a53d15ba0.jpeg
3 ýyl ozal
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna !

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-dan täze 114-nji «Parahat-Aşgabat söwda merkezi» ugur açylýandygyny habar berýäris.

163a8a3dfc4108.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan “Sumitomo” kompaniýasyndan 2110 sany ulag satyn alýar

“Türkmenawtoulaglary” agentligi Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy bilen “Toyota” kysymly taksi awtoulaglaryň we awtobuslaryň 2110-syny satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdy. Bu barada “Sumitomo” kompaniýasy resmi sahypasynda duşenbe güni mälim etdi. Türkmenistana getiriljek bu ulaglaryň 780-si ýeňil taksi awtoulagy we 1330-sy bolsa awtobusdyr. 

163abac3277d88.jpeg
3 ýyl ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl medeniýet ulgamy

«Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetini nygtap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

167b5a63f826eb.jpeg
5 aý ozal
ŞÄHERLERIŇ SERESI SEN - AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki sebitlerde gurulýan beýik-beýik binalar, depesi göge ýetýän minaralar pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň gaty alyslara uzaýandygyndan habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.