Habarlar
Habarlar
15f5265a0cd1be.jpeg
5 ýyl ozal
ÝOLLARYMYZ ASUDA, ILLERIMIZ PARAHAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentlikleriniň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halky bu günki gün bagtyýarlyk zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan dünýä ýüzünde özüniň mizemez jebisligini, agzybirligini we bagtyýarlygyny äşgär edip, Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda aýgytly ädimleri ädýär.

1632a7900a70f4.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistana Hytaýda öndürilen iki sany täze ýük teplowozy getirildi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine CRRC Ziyang CO., LTD Hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen dizel ýük teplowozynyň ikisi gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistana ýene 13 sany teplowoz getiriler diýip ORIENT habar berýär.

3 ýyl ozal
GARAŞSYZLYGYMYZYŇ GAZANANLARY

Garaşsyzlyk halkymyzyň ata-baba dowam bolup gelen arzuwlarynyň amala aşmasydyr. Goňşy döwletler, halklar bilen hoşniýetli goňşular hökmünde baryp-gelişmek, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek diňe Garaşsyzlyk zamanymyzda mümkin boldy.

163292664972af.jpeg
3 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz konteýner gatnawlary babatda dörttaraplaýyn şertnamany teklip etdi

Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner gatnawlaryny amala aşyrmak babatda dörttaraplaýyn şertnamany baglaşmagy teklip etdi.

3 ýyl ozal
ÝOL HEREKETI

Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalaryny wagyz etmek boýunça biraýlygyň geçirilmegi indi kada öwrüldi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadançylygy, ilimiziň asudalygy, raýatlaryň jan saglygy hakynda edýän yzygiderli aladalaryny şöhlelendirýär.

163292522170ac.jpeg
3 ýyl ozal
BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.

3 ýyl ozal
SAGLYK ULGAMYNDAKY ÖSÜŞLER

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde, hususan-da, mähriban Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda milli saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdildi we ösdürildi.

163276132ab3b3.jpeg
3 ýyl ozal
Serdar Berdimuhamedow ŞHG ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde ŞHG agza yurtlary bilen yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.

16327d49db7b21.png
3 ýyl ozal
GADYMY AMUL TOPRAGYNDA DÖWREBAP AWTOMENZIL

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulag-kommunika düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

3 ýyl ozal
YKDYSADYÝETIŇ KÄMILLIK BASGANÇAKLARY

Ykdysadyýet giň we köptaraply  düşünjedir. Öz gezeginde ol senagat ulgamyny, söwda, gurluşyk, bilim ýaly ugurlary hem öz içine alýar. Şunuň bilen birlikde häzirki döwürde «sanly ykdysadyýet» diýen täze düşünje hem jemgyýetçilik aňyna giňden ornaşýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.