Habarlar
Habarlar

Halk bähbitli özgertmeler durmuşa geçirilýär
«Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýän Milli Liderimiziň bu asylly işlerini ynamly dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

HIMIÝA SENAGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirýän beýik işler gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.

Arkadag şäheri — döwrüň döwrebap şäheri
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň baharynda Arkadagly Serdarymyzyň Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinde işlän döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gökdepe etrabynyň mukaddes topragynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.

Dünýäniň medeni mirasynyň ajaýyp şäheri
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň iri şäherleriň biri-de Ürgenç - häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýerleşen gadymy şäher hasaplanýar. Bu gadymy toprak türkmen halkynyň we bütün dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäher bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýär.

Berkarar döwletiň bagt şäheri
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ülňülerine laýyk getirmek babatda düýpli işler amala aşyrylýar.

Beýik zamananyň nusgawy şäheri
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Milletiň daýanjy we buýsanjy Arkadagly ýaşlar
Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir.

YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr.

TÜRKMEN SENETÇILIGI ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy.

NESIL TERBIÝESI - MÖHÜM WEZIPE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.