Habarlar
Habarlar
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekdÄKI ähmiýeti
Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşugynda : “Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç kuwwatyny, geljegini, at-abraýyny özünde jemleýär. Şoňa görä-de jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratynda Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk-durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir” diýip belläpdi.
Täze pikirli ýaşlar
Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Şeýle häsiýetleriň Watanyň, halkyň abraýyny öz buýsanjy hasaplaýan nurana ýaşlarymyzda kemala gelendigini aýtmak gerek.
Türkmenistan Gazagystandaky «Digital Bridge» halkara forumyna gatnaşar
Türkmenistan Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek «Digital Bridge» halkara tehnologiýalar forumyna gatnaşar. Bu barada Gazagystanyň resmi internet neşirleri habar berýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi TSSE-niň Sergi zalynda üstünliklerini tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisine «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem mynasyp özgertmeleri bilen işjeň gatnaşýar.
Türkmenistandaky ilat ýazuwynda ýurduň özünde taýýarlanan planşetlerden peýdalanylar
Şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynda ýurduň özünde öndürilen döwrebap planşetlerden peýdalanylar. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.
Özbegistan Türkmenistanyň üstünden Hindistana ulag geçelgesini çeker
Özbegistan Türkmenistanyň üstünden Hindistana täze ulag geçelgesini çekmegi maksat edinýär.
Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana daşalýan ýükleriň möçberi artdyrylar
Geljekde Türkmenistanyň deňiz porty arkaly Hindistana uzaýan ulag geçelgesiniň işjeňligini artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy sebitiň ýurtlary bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.
"Demirýollary" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 15 sany ýokary kuwwatlykly täze dizel lokomotiwini satyn aldy
“Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Hytaýyň CRRC Ziyang CO., LTD. kompaniýasyndan 15 sany täze dizel lokomotiwini satyn aldy. Sişenbe güni ilkinji iki teplowoz Aşgabat demir ýol menziline geldi, galanlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tapgyrlaýyn Türkmenistana gelmegini dowam etdirer.
Jemgyýetçilik ulagynyň döwrebaplaşdyrylmagy — ýolagçylar barada alada
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
Sergä ykdysadyýetiň jemgyýetçilik pudagynyň, sport we syýahatçylyk guramalarynyň we ýerli hususy kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.