Habarlar
Habarlar
“Türkmenaragatnaşyk” emeli aňyň we kiber howpsuzlygyň ösüşi babatda halkara hyzmatdaşlygy maksat edinýär
Türkmenistan esasy pudaklara emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna işjeň ugur aldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow ýurduň dolandyryş, saglygy goraýyş, bilim we oba hojalyk ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin emeli aňy ulanmagy maksat edinýändigi barada habar berdi.
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugry boýunça biletleriň aksiýasyny 23-nji maýa çenli uzaltdy
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça awabiletlere bolan aksiýanyň uzaldylandygy barada habar berdi. Arzanlaşyk nyrhlar boýunça biletleri 2025-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli satyn alyp bolar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
KazanForum 2025 maslahatynda “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi boýunça täze taslamalar bilen tanyşdyrylar
“Russiýa - yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň ulag ulgamynyň gün tertibiniň merkezi çäresi “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi atly sessiýa bolar.
Türkmenistan halkara söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
Düýn paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Arkadag şäherinde durnukly ösüş boýunça ministrler forumy geçirildi
Düýn Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçirildi.
Sarahsda demir ýol geçiriji nokadynda dikeldiş işleri geçiriler
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Sarahs demir ýol stansiýasynda ýerleşýän Sarahs demir ýol geçiriji nokadynyň dikeldiş işlerini geçirmek üçin № DÝ/AGPJ-049 belgili açyk bäsleşigi yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş., S.Türkmenbaşy şaýoly, 7 salgysy boýunça aşakdakylary tabşyrmaly:
“Türkmenpoçta” hyzmatlaryny hödürleýär
«Türkmenpoçta» PAK-nyň ýerine ýetirýän üstünlikli işleriniň netijesinde «EMS» hyzmaty, diýarymyzyň çägi we dünýäniň aglaba bölegi boýunça «Salgydan-salga» - «Çaparçylyk» hyzmaty, Trek kod ýollamany yzarlamak usuly, «Şahsy otag» hyzmaty, «shop.post.tm» söwda platformasy, onlaýn-abuna ýazylmak hyzmaty, şeýle hem täze sanly hyzmatlaryň hatarynda «Çapar Pay» mobil goşundysy dürli sanly hyzmatlary amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
30-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.