Habarlar
Habarlar
1683e897fad595.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan bilen Mongoliýa hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 14 sany ylalaşyk baglaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

1683e971a41bcc.png
11 aý ozal
Baglanyşygy berkitmek - Duşanbe şäherinde geçirilen TUTIT + Hytaý koridory boýunça ikinji ýygnak

Golaýda Duşanbe şäherinde "Täjigistan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe" (TUTIT) + Hytaý " multimodal koridorda ýokary derejeli iş toparynyň 2-nji ýygnagy geçirildi.

168411eb773089.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

1683e95de1234b.jpeg
11 aý ozal
Ilkinji Hytaý-Merkezi Aziýa ýük otlusy, 2025-nji ýylda Týanjinin portundan Daşkende ugraýar

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Týanjin portuny Horgosyň üsti bilen Daşkente birleşdirýän ilkinji “Hytaý-Merkezi Aziýa-2025” ýük otlusy üstünlikli ýola çykdy we bu Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda ýollarynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy.

1683fd9d3b1fd9.jpeg
11 aý ozal
«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara

Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu festiwalyň Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda medeni köprüleri has-da pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň tans we folklor sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

1683e8d85e95cc.jpeg
11 aý ozal
«EKSPO-2025» Osaka: parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň orny baradaky maslahat

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda maslahat geçirildi. Bu maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

1683fd87491424.jpeg
11 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

1683e87b85b1f7.jpeg
11 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaraly çäreleriň mähriban Watanymyza, bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

1683e866fbae49.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.

1683d4aa70f03a.jpeg
11 aý ozal
Astrahan şäherinde «Suw ulagy ugrunda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda suw ulagy meseleleriniň häzirki zaman çözgütlerine we «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.