Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan özüniň iň täze taryhynyň möhüm senesini belleýär - “TürkmenÄlem 520E” ilkinji milli aragatnaşyk hemrasynyň işläp başlanyna 10 ýyl dolýar. Bu waka türkmen telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, aragatnaşyklar we gepleşikler ulgamynda ýurduň halkara orunlaryny berkitmek ugrunda möhüm ädim bolup, ylmy we tehnologiki ösüş üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistan we Gyrgyzystan ulag-logistika ulgamynda özara nyrh ýeňilliklerini maslahatlaşdylar
Duşenbe güni Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda özara nyrh ýeňilliklerini hödürlemek meseleleri hem-de ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň täze üstünlikleriniň kepili
Geçen hepde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.
“Demirýollary” AGPJ bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiSarahs demir ýol menzilindäki Sarahs demirýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça №DÝ/AGPJ-049 belgili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy
29-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan YHG, Eýran we Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han, Eýranyň wise-prezidenti Seýed Hamid Purmohammadi we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžon Koýşybaýew bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ahalteke atlarynyň mekanyndaky dabara
27-nji aprelde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň şanly senäniň hormatyna guralýan giň möçberli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrülmeginde bolsa çuňňur many bar. Bu künjek şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekany hasaplanýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.