Habarlar
Habarlar
168257e8771ca4.jpeg
11 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy.

168258a3d34f0d.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

13-nji maýda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy geçirildi.

168242d615d9fb.jpeg
11 aý ozal
Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýär

13-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.

1682432481b586.jpeg
11 aý ozal
BOMCA 10 Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň sanly mümkinçiliklerini güýçlendirýär

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan serhetüsti jenaýatlary ýüze çykarmak we derňemek boýunça Türkmenistanyñ hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek ugrunda işjeň çäreleri alnyp barylýar.

1682579fb235b9.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi.

16825794244200.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi.

168242a8846813.jpeg
11 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine GUTLAGY

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gazanylan bu uly üstünlik hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. Siziň gazanan nobatdaky ýeňşiňiz bilen ýurdumyzyň halkara sport abraýy has hem belent derejelere çykýar.

16822e58833ec6.jpeg
11 aý ozal
Ulaglar pudagy galla oragyna bökdençsiz we ýokary netijeli hyzmatyny hödürlär

Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  degişli Karara gol çekdi.

16822e43a7a5c1.jpeg
11 aý ozal
GIZ: Merkezi Aziýada üstaşyr ulaglar iň gysga wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýär

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiren barlagy esasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda harytlaryň üstaşyr geçmegi boýunça wagt, çykdajy we resminamalar seljerildi.

16822d67ac3455.jpeg
11 aý ozal
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan sport üstünligi — «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.