Habarlar
Habarlar
1681d953dddccd.jpeg
11 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1681af9240af9b.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan we ÝB howpsuzlyk meselelerini hem-de sebit başlangyçlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow duşenbe güni ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

1681d92f7282a0.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

1681af72153880.jpeg
11 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy

Şu duşuşygy geçirýändigimize örän şatdyryn. Meniň forumdaky çykyşym üç ugurdan ybarat bolar: birinjisi, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.

16819a7c6bcf3b.jpeg
11 aý ozal
Sanly ykdysadyýet hereketde: «Bir penjire» ulgamy daşary söwdany nähili ýeňilleşdirýär

Türkmenistanda ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmegi ugrunda amala aşyrylýan esasy ädimleriň biridir. Bu taslama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara standartlara laýyklykda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy ýaly halkara guramalaryň işjeň hyzmatdaşlygy bilen durmuşa geçirildi.

1681af631dce48.jpeg
11 aý ozal
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary

Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi.

16819a64eb3d9a.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan “Etihad Rail” kompaniýasy bilen ulag-logistikadaky hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleriniň “Etihad Rail” milli demir ýol operatory ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şol sanda bilelikdäki infrastruktura taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. 

16819a40183390.jpeg
11 aý ozal
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

168204c287cbb3.jpeg
11 aý ozal
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirildi

9-njy maýda Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu sene mynasybetli Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

16819a3016313c.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.