Habarlar
Habarlar
Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri beýan edildi. Gazagystanyň “Samruk-Kazyna” gaznasynyň wekili Aýdar Kazybaýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly depgini barada belläp geçdi.
Milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar
20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistan Pekinde geçiriljek halkara ykdysady sergä çagyryldy
Hytaýyň Halkara söwdanyň ösüşine ýardam bermek boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hytaýyň Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun türkmen tarapyny şu ýylyň iýul aýynda Pekin şäherinde geçiriljek halkara ykdysady sergä gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk 18-nji martda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly forumyň çäklerinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlaryñ sanyny köpeldýär
2025-nji ýylyñ 30-njy martyndan başlap Stambul bilen Aşgabadyñ arasyndaky gatnawlaryñ sany hepdede 14-e çenli köpeldiler. Bu barada Aşgabatdaky Turkish Airlines awiakompaniýasynyñ wekiliýetinde ORIENT saýtyna habar berdiler. Ozal türk awiadaşaýjysy bellenen ugur boýunça hepdede 11 gatnawlary amala aşyrýardy.
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Sizi Nowruz baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy agzybirligiň, hoşniýetli däpleriň, parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs bilen duşuşdy. Gepleşiklere gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar.
Gazagystan bilen Russiýanyň serhedindäki gümrük nokady düýpli abatlanar
Gazagystan-Russiýa serhedindäki Abaý sebitindäki «Auyl» gümrük nokady düýpli abatlanar. Bu barada «Sputnik Gazagystan» neşiri habar berýär. Serhet gözegçilik nokady 2011-nji ýylda gümrük nokadynyň binasynda ýerleşipdi we şondan bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmändi. Desganyň durkunyň täzelenmegi 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.