Habarlar
Habarlar
167ce7f4952275.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka söwda meýdançasyny gurmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet edaralary çarşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda ýörite iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirdiler. Onda türkmen-eýran serhedinde söwda meýdançasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

167ce7767aeb50.jpeg
1 ýyl ozal
Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

167ce74ba9c6ce.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

7-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

167ce7db144845.jpeg
1 ýyl ozal
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

167cfcb42e217d.jpeg
1 ýyl ozal
BELTA: Belstat 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy ulanar

Belarus Respublikasynyň Milli statistika baradaky komiteti (Belstat) 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy (EA) ulanmak meýilleri barada habar berdi.

167cfc809e5b64.jpeg
1 ýyl ozal
BAE-niň awiakompaniýalary Remezan aýynda ýörite tagamlary hödürleýärler

Birleşen Arap Emirlikleriniň Emirates we Etihad Airways awikompaniýalary mukaddes Remezan aýynda ýolagçylary üçin ýörite naharlary we hyzmatlary hödürleýärler.

167ce7a38c75a0.jpeg
1 ýyl ozal
«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sylaglamak dabarasy

7-nji martda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

167ce72197c1cf.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

167ca96dce771d.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi hem-de ýol-ulag düzümine degişli desgalary abadanlaşdyrmak boýunça maslahatlaryny berdi.

167ca85036b966.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde zähmet çekýän aýal-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň pul sowgady gowşuryldy

2025-nji ýylyň 6-njy martynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň zähmet çekýän aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.