Habarlar
Habarlar
Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
BMGÖM we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi sanly ösüş boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär
2025-nji ýylyň 25–29-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri üçin sanly özgertme boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär.
«Ösüş arkaly parahatçylyk»
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Sebitara optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamy dörediler
Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi hem-de durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler.
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Milletler kubogy ýaryşyna gatnaşýar
29-njy awgustda badalga beriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) Milletler kubogy ugrundaky ýaryş türkmen futbolçylary üçin halkara tejribäni artdyrmagyň nobatdaky ädimi bolar. Baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz sebit ýaryşyna gatnaşmak üçin Özbegistana gitdi. Türkmen futbolçylary şu günler türgenleşiklerini Daşkent şäherinde alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Ýurduňyzyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi.
BITARAPLYK ÝÖRELGÄMIZ – BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar.
Türkmen wekilýeti "TransLogistica Uzbekistan" sergisine çagyrylýar
Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek “TransLogistica Uzbekistan” sergisine çagyrylýar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär
Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär diýip, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri çarşenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu barada “Mehr” habarlar agentligi habar berýär.
Umumy abadançylygyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
Goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek sebit we halkara hyzmatdaşlygyň netijeli giňeldilmeginde başlangyçly orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.