Habarlar
Habarlar
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat kompaniýalaryň, guramalaryň, şeýle hem kiçi we orta telekeçileriň müşderilerinden gelen ýüzlenmeleri gaýtadan işlemäge we maglumat bermegi üpjün etmäge niýetlenendir.
Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
“Arkadag” futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy
Türkmenistanyň “Arkadag” futbol topary Kambojanyň “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny final duşuşykda 2:1 hasapda utup, AFK-nyň 2024/25 möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Duşuşyk Pnempon şäheriniň tomaşaçylardan doly “Morodok Teço” milli stadionynda şenbe güni geçirildi. Bu barada Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
MILLILIGE ÝUGRULAN NESIL TERBIÝESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerinde türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik ileriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanda Ýeňiş güni baýram edildi
9-njy maýda ýurdumyzda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň gümrük ulgamy – sebitleýin üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Döwlet gümrük gullugy hem bu ugurda öz işlerini döwrüň talabyna laýyklykda sanlylaşdyrýar, gümrük çärelerini utgaşdyrýar we harytlaryň üstaşyr geçmegini çaltlandyrmak üçin täze usullary ornaşdyrýar.
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşini we özgertmeler kuwwatyny aýdyň görkezdi.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we Airbus kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Olaryň arasynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “Airbus Defence and Space SAS” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama aýratyn orun eýeleýär.
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi we "Türkmenpoçta" aragatnaşyk pudagynda zähmet çeken weteranlary gutladylar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhymyzyň gatlarynda ebedilik saklanýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.