Habarlar
Habarlar
Ulag-kommunikasiýa toplumynda geçen ýyl ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy
7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Belarus Respublikasyna awiabiletleri satyn almak Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda mümkin boldy
Belarus Respublikasyna awiabiletleri satyn almak indi diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň halkara howa menzillerinde hem-de “Türkmenhowaýollary” ýöriteleşdirilen agentliklerinde mümkin boldy.
Çagalar bagynda öwrediji oýunlaryň ähmiýeti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn, giň dünýä garaýyşly, bilimli, watansöýüji, zähmet söýer nesli terbiýeläp ýetişdirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugrunda ýörite töleg aksiýasyny girizýär
Türkiýäniň öňdebaryjy awia daşaýjysy bolan Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugrunda ýörite töleg aksiýasyndan peýdalanmagy teklip edýär.
Merhumlary hatyralamak — sogap iş
Hatyra güni her ýylda hormat bilen bellenilip geçilmegi, ildeşlerimiziň bagtyýar ojaklarynda aýat-töwirleriň okalyp, sadakalaryň berilmegi ýüreklerimizde çäksiz buýsanjy oýarýar. Çünki merdana halkymyz şeýle kyn günlerde-de ruhdan düşmändirler. Birek-biregi goldapdyrlar. Bir döwüm çöregi deň paýlaşyp iýipdirler. Şeýle wakalar uruş ýyllarynda hem bolupdyr.
Türkmenistanda täze durmuş we önümçilik desgalary gurlar
2025-nji ýylda Türkmenistanda 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik.
Hatyra güni — hakyda güni
6-njy oktýabrda Türkmenistanda gussaly sene — Hatyra güni bellenilip geçirilýär. Ol gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlar ýatlanylýar. Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden bäri 77 ýyl geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.