Habarlar
Habarlar
1696120fc4325c.jpeg
5 aý ozal
Saglyk – ruhubelentligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly  bellenilýär.

16915a92aa1c8f.jpeg
7 aý ozal
Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap ösüşi

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa düzümlerini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

1695ff2bc24b09.jpeg
5 aý ozal
Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, täze — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. 2026-njy ýyla şeýle at berilmegi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

16960c687234d8.jpeg
5 aý ozal
HALKYŇ SAGLYGY – DÖWLETIŇ BAŞ BAÝLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

1695f5b96e1cfb.jpeg
5 aý ozal
Dog­ry iý­mit­len­mek — sagdynlygyň esasy şerti

Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň we eşretli ýaşaýşyň girewidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adam dürli keselleriň öňüni alyp biler. Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar.

169155aafe9469.jpeg
5 aý ozal
NESIL SAGLYGY – MÖHÜM WEZIPE

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

1695f4fd9b93ef.jpeg
5 aý ozal
He­re­ket – sag­dyn dur­muş­yň özeni

He­re­ket sag­ly­gyň sa­ka­sy, sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýar. Adam be­de­ni­ne fi­zi­ki maşk­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi hem­me­le­re mä­lim­dir. Saz­la­şyk­ly be­den maşk­la­ry ada­myň sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len gy­zyk­lan­ýan her bir adam öz şah­sy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, be­de­ni­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, maşk­la­ryň ýö­ne­ke­ýin­den has çyl­şy­rym­ly­la­ry­na geç­me­gi ba­şar­ma­ly.

1695f3c5d67ac0.jpeg
5 aý ozal
SAGLYGYŇ SAKASY HEREKETDEDIR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar.

169608e52adf04.jpeg
5 aý ozal
Il saglygy – döwletiň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

169122363d7f1c.jpeg
4 aý ozal
SAGDYN DURMUŞ – ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen sporty dünýäde uly üstünlikler gazanýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.