Habarlar
Habarlar
1693b1bd0067be.jpeg
8 aý ozal
Pa­ra­hat­çy­ly­ga we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan türkmen Bitaraplygy

Ata Wa­ta­ny­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň da­ba­ra­ly toý­la­nyl­jak gün­le­ri bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­la­nyp, dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ry, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­ly­ga we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar.

16939bf3936244.jpeg
8 aý ozal
«Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna»

Dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­ny je­bis­leş­dir­ýän, yna­nyş­mak­ly­ga we hoş­ni­ýet­li­li­ge ça­gyr­ýan iň mö­hüm gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri pa­ra­hat­çy­lyk­dyr. Şo­nuň üçin hem hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we ynanyşmak ýy­ly» di­ýip yg­lan edil­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

16939b16462278.jpeg
8 aý ozal
Bitaraplyk — durnukly ösüşiň we hyzmatdaşlygyň gözbaşy

Halkara abraýy günsaýyn belende göterilýän Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň kepilidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol türkmen diplomatiýasynyň umumadamzat bähbitlerine, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply  işleriniň özboluşly ykrarnamasydyr.

16939af5a32e72.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özygtyýarly, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty barha dabaralanýar. Bu ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgelerini hormatly Prezidentimiziň ynamly dowam etdirip, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bilen şertlendirilýär.

16939ae3cebe9c.jpeg
8 aý ozal
Bitaraplyk syýasaty – uly üstünlikleriň özeni

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Diýarymyzyň taryhy senenamasynda altyn harplar bilen ýazyljak wakalara beslendi. Bu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejämiziň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýyly hökmünde has-da tapawutlanýar. Geçilen çärýek asyrdan-da köpräk wagtyň içinde ata Watanymyz Türkmenistan öz ösüş ýoluny saýlap, halkara giňişliginde parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän döwlet hökmünde tanaldy.

16939ad3c57d73.jpeg
8 aý ozal
Bitaraplyk – parahatçylygyň nusgalyk ýoly

Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky 30 ýylynyň wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly ygrarly bolup gelýändigini jahana aýan etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 30 ýyl bolýar. Bitaraplygy BMG tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen döwletimiz geçen otuz ýylyň dowamynda Milletler Bileleşiginiň iň ynamdar hem strategik hyzmatdaşyna öwrüldi.

169b90b49d7dd8.jpeg
5 aý ozal
Innowasion tehnologiýalar saglygy goraýyş ulgamynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

1693996d65a5dc.jpeg
8 aý ozal
Milli ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

169bb0531ce7a6.jpeg
5 aý ozal
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy dabaralanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine şu ýyl 30 ýyl doldy. Bu döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ulgamda dünýä nusgalyk ösüşlere ýetildi. 

1699935056f0c5.jpeg
6 aý ozal
DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýhasly öwüt-ündewlere baý bolan “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.