Habarlar
Habarlar
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine berýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gyzklanma bildirýän taraplara amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine ulanmaga berýär.
“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
Arkadag şäheriniň öýleri «Arkadagly ýaşlar» programmasy arkaly dolandyrylýar
Arkadag şäherindäki öýlerde «Arkadagly ýaşlar» programmasy hyzmat edýär. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, programma «akylly» öýe degişli buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarlandy.
Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmatyndan» peýdalanmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmaty» atly hyzmatynyň hereket edýändigini ýatladýar.
Arkadag şäherinde geçirilen halkara forumda ulag ulgamynyň ösüşleri maslahatlaşyldy
Golaýda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynda ulag we logistika ulgamy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet ähmiýetli şäherde intellektual ulag ulgamy ornaşdyryldy
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ekologik ülňülere laýyk gelýän hem-de sanly tehnologiýalar esasynda işleýän şäher ulaglary hyzmat eder.
Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly kämilleşdirildi
Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýjylaryň jemagat hojalygy hyzmatlaryndan onlaýn we elýeterli peýdalanmagy üçin döredilen e.ashgabat.gov.tm salgyly sanly hyzmatlar portaly täze mümkinçiliklere eýe boldy. Bu barada şäher häkimliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi iki daşary ýurt kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti” we “Delta Telecom Ltd” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalary baglaşdy.
«Türkmendemirýollary» agentligi VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy
«Türkmendemirýollary» agentligi ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy.
Türkmenistanda ilkinji gezek Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligi döredi
TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty – Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.