Habarlar
Habarlar
1665eaf972cc87.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk gecirildi

Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar.

1666a867777081.jpeg
2 ýyl ozal
«Singapore Airlines» ulag çaýkamagynda ejir çeken ýolagçylara 25 müň dollar öweztöleg berer

«Singapore Airlines» kompaniýasy uçar çaýkamagynda ejir çeken ýolagçylara 25 müň dollara çenli öweztölegini berer, bu barada howa gatnadyjynyň resmi internet sahypasyna salgylanýan «Iz.ru» habar berdi.

166668eb76b18d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi.

1665eab6e7d193.jpeg
2 ýyl ozal
«Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýoly döwrebaplaşdyryldy

Özbegistan «Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýolunyň öz çägindäki bölegini döwrebaplaşdyrdy. Has takygy, dört zolakdan ybarat bu ýol asfalt beton bilen örtüldi. Munuň özi onuň 20 ýyllap ýokary derejede saklanmagyna şert döreder. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş mejlisine salgylanyp, «Uzdaily» habar berýär.

166668aa46e790.jpeg
2 ýyl ozal
Pekinde «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekildi

Hytaýyň paýtagtynda Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli bolan demir ýol şahasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» neşiri habar berdi.

166668045d767b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

1665ea920a3881.jpeg
2 ýyl ozal
«Ker­wen» dynç al­şa ça­gyr­ýar

«Awa­za­» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aja­ýyp dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gur­ap, dynç al­ma­ga gel­ýän­le­ri uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Şo­nuň üçin hem go­ja­man Ha­za­ryň mer­jen ke­na­ryn­da dynç al­ma­ga hö­wes ed­ýän­le­riň sa­ny ýyl­ba-ýyl­dan art­ýar.

166667ee86a856.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

1665fff38d705e.jpeg
2 ýyl ozal
Hökümetara şertnama Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça ýükleri daşamagyň möhletini iki esse azaldar

Gazagystanyň Parlamenti Hazaryň üstünden uzaýan  halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça Hytaý Halk Respublikasy bilen hökümetara şertnamany tassyklady. Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bu logistika geçelgesi boýunça Hytaýdan Ýewropa Bileleşigine harytlaryň iberiliş möhletini iki esse azaltmalydyr.

1665ea72da5300.jpeg
2 ýyl ozal
«De­mir­ýol­çy» çagalar sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ýe­tip gel­di. Biz gö­zel Gök­de­re jül­ge­sin­de ýer­leş­ýän «De­mir­ýol­çy» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de 2024-nji ýy­lyň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni aç­mak ba­bat­da ýo­la goý­lan taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­si dog­ru­syn­da gy­zyk­la­nyp, dynç alyş mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry Pa­ra­hat Sa­par­gu­ly­ýew bi­len gür­rüň­deş bol­duk. Ol bu ba­ra­da şeý­le gür­rüň ber­di:

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.