Habarlar
Habarlar
1661fad3b5ecf4.jpeg
1 ýyl ozal
«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «TASS» habar berýär.

16629f19d31dc2.jpeg
1 ýyl ozal
Russiýada elektron talyp petekleri we hasaba alyş kitapçalary peýda bolar

25-nji aprelde Russiýada talyp peteklerini we hasaba alyş kitapçalaryny elektron görnüşine geçirmek boýunça synag çäresine badalga berler. Bu baradaky degilşi karara premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi diýip, RF-iň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

166288a23dbbf8.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1661fa7a658710.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

16628a5602d0dc.jpeg
1 ýyl ozal
«Boeing» 2030-njy ýyla çenli Aziýada uçarmansyz uçýan taksileri işe girizer

«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

1662743d6c7e68.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

1661faf7226ccf.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!

«Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin ýola goýuldy.

1661fab54175e2.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň Tejen – Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu gün Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegine 5 sany halkara güwänama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

166289fb43c4e5.jpeg
1 ýyl ozal
Wo­do­rod ýan­gyç­ly ot­ly

Go­laý­da Hy­ta­ýyň Çan­çun şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te li­ni­ýa­da «CRRC Chang­ke» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän ot­ly­nyň sy­na­gy ge­çi­ril­di. Sy­nag­lar­da ot­ly­nyň tiz­li­gi sa­gat­da 160 ki­lo­met­re ýet­di. Bu ba­ra­da ýur­duň «Sin­hua» ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. In­že­ner­le­riň pi­ki­ri­çe, bu «de­mir ýol ulag­la­ry pu­da­gyn­da wo­do­rod ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­mak­da tä­ze öňe gi­diş­lik­dir».

16625e4a7463f1.jpeg
1 ýyl ozal
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

Sizi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.