Habarlar
Habarlar
165d431ca150c4.jpeg
1 ýyl ozal
«Deňiz söwda floty» ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylda daşalan ýükleriň möçberi 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artyp, 2,26 million tonna deň boldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berdi.

165d2f2d0748ca.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

165d2efc896ec0.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin onlaýn okuw sapaklary geçirilýär

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuwlary guraýarlar.

165d2ec9af3c07.jpeg
1 ýyl ozal
“Lebapawtoulag” ýanwar aýynda 226 müň tonnadan gowrak ýük daşady

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýanwar aýynda kärhananyň sürüjileri ýükleriň 226 müň tonnadan gowragyny daşap, meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

165d2e7bd0ffc4.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollarynyň» uçary Jidda ilkinji göni uçuşyny amala aşyrdy

16-njy fewralda Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziline Aşgabatdan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary täze açylan howa gatnaw ugry boýunça ilkinji göni uçuşyny amala aşyrdy. Uçar bilen 279 ýolagçy Jidda bardy. Bu barada agentlik habar berýär.

165d2e5f75ef71.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny döretmegi teklip edýär

Türkmenistan ulag we logistika pudagyna halkara gatnaşygyna ýardam etmek bilen, Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny döretmegi teklip etdi. Aşgabadyň bu başlangyjyny, wise-premýer we daşary işler ministri R.Meredow ýakynda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde yglan etdi.

165d2e2327e0f2.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» agentligi ýanwar aýynda hyzmatlarynyň mukdaryny 62,8 göterim artdyrdy

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň birinji aýynda hyzmatlaryň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62,8 göterim artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.

165deca7493e33.jpeg
1 ýyl ozal
Daşkentde gatnawyň has-da ýygjamlaşan wagtlarynda ýük ulaglarynyň hereketi gadagan ediler

1-nji martdan Özbegistanyň paýtagty Daşkentde gatnawyň has-da ýygjamlaşan wagtlarynda (часы пик) 10 tonna çenli ýükleri daşamak üçin niýetlenen N2, N3 we О4 derejedäki ulag serişdeleriniň hereketi gadagan ediler. Bu çözgüt Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 21-nji fewraldaky «Özbegistan-2030» strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky Döwlet maksatnamasyny tassyklaýan kararyna esaslanýar.

165dec37a5bbb2.jpeg
1 ýyl ozal
Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz gatnaşyklar ýola goýuldy

Hytaýyň hökümeti Gruziýa üçin wizasyz düzgüni girizmek hakynda karar kabul etdi. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde hökümet mejlisinde habar berdi.

165dd6a0c79787.jpeg
1 ýyl ozal
Ilon Mask XMail poçta hyzmatyny ýola goýmakçy

Ilon Mask XMail şertli ady bilen poçta hyzmatyny işe girizmegi mümkin. Bu habar Google Gmail kompaniýasynyň poçta hyzmatynyň ýapylýandygy barada gürrüňler ýaýrandan soňra peýda boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.