Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
«sanly.tm» ulanyjylaryň maglumat goraglylygyny kepillendirýär
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler täze ösüş-özgertmeleri amala aşyrmaga badalga berýär. Şunda dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Hytaý Azerbaýjanda elektrikli awtobus öndürer
Hytaýyň “BYD Company Limited” kompaniýasy Azerbaýjanda elektrikli awtobus önümçiliginiň başlangyç tapgyrynda 34 million dollar gönükdirer. Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň habar bermegine görä, zawod 2025-nji ýylda işläp başlar we onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 500 awtobusa deň bolar.
Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gury serhet haçan açylar?
Häzirki wagtda Ministrler Kabinetiniň soňky kararyna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli hereket etjek «aýratyn karantin düzgüni» sebäpli Azerbaýjanyň gury ýol serhetleri heniz hem ýapyklygyna galýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.
«Аэрофлот» gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy
Russiýanyň «Аэрофлот» döwlet-hususy awiakompaniýasy gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy.
«Bagtyýar» paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi
2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy şu ýylky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenendir diýlip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«Yandex Cloud» Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlaryny işe girizdi
Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi.
Aşgabatda taksi awtoulaglaryna sürüjiler kabul edilýär
"Awtomobil ulag hyzmaty" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri ýeñil taksi awtoulaglaryna işe kabul edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.