Habarlar
Habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16-njy fewralda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16-njy ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilip, Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Şunda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.
Ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça maslahat geçirildi
Şu gün, ýagny 14-nji fewralda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça täze wise-premýer bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurduň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri täzeledi.
Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Awtomobil ýollarynyň gurluşgyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada Permana gol çekýändigini aýtdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Türkmenistan we Germaniýa ulag-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Germaniýa ulag, energetika, “ýaşyl” özgertmeler, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada çarşenbe güni Berlinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren bilelikdäki duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.